Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýogalan Palestinalylaryň Sany 248-e Ýetdi

Hüjümlerde 66-sy çaga, 39-y zenan 248 adam ýogaldy, 1948 adam hem ýaralandy.

1643611
Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýogalan Palestinalylaryň Sany 248-e Ýetdi

 

Ysraýylyň goşunlarynyň gabaw astyndaky Gaza sektoryna garşy 10-njy maýda başladan we Hamas bilen gazanylan ylalaşyk netijesinde bes edilen hüjümler sebäpli ýogalan palestinalylaryň sany 248-e ýetdi.

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň bes edilmeginden soň Gazada gözleg we halas ediş işleriniň depgini güýçlendi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi Ysraýylyň sebite guran 11 günlük hüjümlerinde çekilen ýitgi hakynda täze beýannama berdi.

Beýannamada, Gazada Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýogalan palestinalylaryň sanynyň 248-e ýetendigi nygtaldy.

Hüjümlerde 66-sy çaga, 39-y zenan 248 adam ýogaldy, 1948 adam hem ýaralandy.


Etiketkalar: #Palestina , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar