ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ysraýylda we Palestinada Saparda Bolar

Blinken taraplaryň arasyndaky gazanylan ylalaşyga hoşallyk bildirdi

1643054
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ysraýylda we Palestinada Saparda Bolar

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Ysraýyl-Palestina meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin sebite gider.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Praýs mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda Blinkeniň düýn Ysraýylyň Daşary işler ministri Gabi Aşkenazy bilen iki gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy.

Beýannamada, taraplaryň arasyndaky gazanylan ylalaşyga hoşallyk bildiren Blinkeniň, töwellaçylyk tagallalary üçin Müsüre sagbolsun aýdandygy nygtaldy.

Beýannamada Blinkeniň ýakynda Ysraýylda we Palestinada saparda boljakdygy we ABŞ-nyň sebitde asudalygyň dowam etdirilmegi üçin ähli taraplar bilen ýakyndan aragatnaşyk saklamaga dowam etjekdigi bellenildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan Blinkeniň sebite gurajak saparynyň wagty barada heniz hiç hili beýannama berilmedi.

Ysraýyl bilen Hamasyň hüjümleriň bes edilmegi üçin gazanan ylalaşygy şu gije sagat 02:00-da güýje giripdi.

Ysraýylyň 10-njy maýdan bäri Gaza guran hüjümlerinde 65 sanysy çaga, 39 sanysy zenan 232 palestinaly ýogaldy.



Degişli Habarlar