Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 212 Adamdan Geçdi

Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümde bolsa 6 gatly bina ýer bilen ýegsan boldy

1641151
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 212 Adamdan Geçdi

Ysraýylyň 10-njy maýdan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 61-i çaga 212 adama ýetdi.

Gazanyň demirgazygynda ýerleşýän Rimal etrapçasynda ýerleşýän binanyň ýokarky gatyna Ysraýylyň goşunlary tarapyndan roketa atyldy.

Hüjümde 1-i çaga 2 adam ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.

Etrapçada Ysraýyl tarapyndan guralan başga bir hüjümde bolsa 6 gatly bina ýer bilen ýegsan boldy.

Hüjüm sebäpli golaýdaky onlarça bina zeper ýetirildi.

Ysraýylyň 10-njy maýdan bäri gabaw astyndaky Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 61-i çaga 212 adama ýetdi. Hüjümlerde 1300-den gowrak adam hem ýaralandy.


Etiketkalar: #bina , #Ysraýyl , #Gaza

Degişli Habarlar