Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň goşunynyň Gaza garşy guraýan howa hüjümleri dowam edýär

1641431
Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri dowam edýär

Gazanyň biri-birinden tapawutly ýerlerindäki raýat infrastrukturalaryna, ekin meýdanlaryna we howpsuzlyk nokadyna garşy ençeme howa hüjümi guraldy. 

Ysraýylyň harby uçarlary Gazanyň günortasyndaky Han Ýunus şäheriniň käbir ýerlerine howa hüjümlerini gurady. 

Ysraýylyň goşuny tarapyndan berilen beýanatda, gabaw astyndaky Gaza düýn gije 65 hüjümiň guralandygy mälim edildi. 

Hüjümlerde Jibaliýa, Az-Zeýtun we Ar-Rimal etrapçalaryndaky Hamasa degişli ýerleriň nyşana alynandygy bellenen beýanatda, Hamasyň ýolbaşçylarynyň hem öýleriniň nyşana alynyp hüjüm guralandygy aýan edildi. 

Ysraýylyň goşuny tarapyndan berilen başga bir beýanatda bolsa Gazadan Ysraýyla takmynan 90 raketanyň atylandygy mälim edildi. 

Hüjümde adam ýitgileriniň çekilmändigi habar berilen beýanatda, raketalaryň bir böleginiň Gazanyň içine gaçandygy, bir böleginiň bolsa howa goranyş ulgamy tarapyndan ýok edilendigi bellendi. 

Ysraýylyň goşuny şu gün irden Iordaniýanyň golaýyndaky Agwar sebitine degişli Wadi Al-Uýun diýilen ýerde uçarmansyz howa ulagynyň od açylyp ýere gaçyrylandygyny beýan etdi. 

Ysraýylyň goşunynyň metbugat sekretary Awiçaý Adrai, Ysraýylyň Ýaragly güýçleriniň şol uçarmansyz howa ulagyna ozaldan gözegçilik edendigini we Ysraýylyň howa giňişligine golaýlap gelen mahaly ony od açyp ýere gaçyrandygyny habar berdi. 

Ysraýylyň 10-njy maýdan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde 61-si çaga, 36-sy zenan bolmak bilen jemi 212 adam şehit boldy, 1 müň 400 adam bolsa ýaralandy. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Iordaniýa , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar