Owganystanda 19 Başbozar Öldürildi

Taliban tarapyndan mesele hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi

1641695
Owganystanda 19 Başbozar Öldürildi

Owganystanyň Farýab welaýatynda guralan operasiýada Talibana agza 19 başbozar öldürildi.

Farýab Peştun Kot etrabynyň Hoja Namusa obasynda Talibana garşy operasiýa guraldy.

Operasiýada 19 başbozaryň öldürlendigi, 15 başbozaryň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Öldürlenleriň arasynda Talibanyň ýolbaşçylarynyň hem bardygy nygtaldy.

Taliban tarapyndan mesele hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.


Etiketkalar: #Owganystan , #Taliban

Degişli Habarlar