Netanýahu ABŞ-dan 2-3 Gün Möhlet Sorady

Ysraýylyň Gaza guralýan operasiýanyň 24-48 sagadyň dowamynda tamamlanmagyny meýilleşdirýär

1641516
Netanýahu ABŞ-dan 2-3 Gün Möhlet Sorady

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň Gaza Sektoruna guralýan hüjümleri bes etmek üçin ABŞ-nyň hökümetinden 2-3 gün möhlet sorandygy habar berildi.

Günbatarly çeşmelerden alynan maglumata görä amerikaly resmiler, ýekşenbe we duşenbe günleri Netanýahudan Gaza guralýan hüjümlerini bes etmegini isledi. Netanýahu bolsa Ysraýylyň goşunlarynyň Gazadaky nyşanalary doly ýok etmek üçin guraýan operasiýalaryny tamamlamak üçin 2-3 günüň gerekdigini aýtdy.

Atlarynyň agzalmagyny islemedik çeşmeler şol maglumatlara garamazdan ýene-de Ysraýylyn Gaza guraýan hüjümeriniň çarşenbe ýa-da penşenbe güni bes etjekdigini tassyklamady.

Ysraýylyň “Walla Nýus” gazetiniň habarçysy Barak Rafid bolsa şu gün “CNN” ýaýlymynda ysraýylly resmilere salgylanyp, birmeňzeş maglumat berdi.

Ysraýylly resmileriň Gaza guraýan operasiýasyny tsamamlamak üçin 24-48 sagat möhletiň gerekdigini, soň bolsa hüjümleri bes etjekdigini aýdan Rafid, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Ysraýyla ýüzlenmesiniň “operasiýanyň möhletinin gutarýandygy” dogursynda bolandygyny nygtady.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden düýn agşam Netanýahu bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde sebitde hüjümleriň bes edilmegini goldaýandygyny beýan edipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar