Bir Günde 5 Müň İmmigrant Ispaniýa Geçdi

Bosgunlaryň yzyna ugradyljakdygy beýan edildi

1641489
Bir Günde 5 Müň İmmigrant Ispaniýa Geçdi

 Ispan metbugatynda berilen habarlarda 700 sanysy çaga, 5 müňe barabar marokkoly bikanun immigrantyň 17-nji maý gijesi ýerli wagt boýunça 02:00-dan başlap, ýüzüp, ýa-da tolkun böwetlerinin bolan ýerlerinden ýöräp, İspaniýanyň Jeuta şäherine geçendigi mälim edildi.

Habarlarda bir adamyň suwa gark bolup ýogalandygy nygtalýar.

Marokkonyň howpsuzlyk gullukçylarynyň bikanun immigrantlaryň geçmeginiň öňüni almak üçin hiç hili çäre görmändigine üns çekilýän habarlarda, bir günüň dowamynda başdan geçirilen immigrant akymyndan soň Jeutadaky bosgun merkezlerinde ýer galmandygy mälim edildi.

Jeutanyň ýerli häkimiýetleri pandemiýa garşy görülen çärelere laýyklykda käbir immigrantlaryň senagat zolagyndaky ammarlarda saklanýandygyny beýan etdi.

Ispaniýanyň Daşary işler ministri Arança Gondalez Laua Jeuta serhedinde howpsuzlygy üpjün etmek we bar bolan teswirnama laýyklykda bikanun gelen immigrantlaryň Marokko yzyna ugradylmagy üçin degişli çäreleri görendiklerini beýan etdi.



Degişli Habarlar