ABŞ-nyň Prezidenti Ysraýylyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Ak Tam telefon söhbetdeşligi barada ýazmaça beýanat berdi

1641167
ABŞ-nyň Prezidenti Ysraýylyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde, sebitde ylalaşygyň üpjün edilmegini goldaýandygyny habar berdi. 

Ak Tamdan berilen ýazmaça beýanatda, Jo Baýdeniň telefon söhbetdeşliginiň barşynda, tapawut goýmadan raketalar bilen guralýan hüjümlere garşy Ysraýylyň öz-özüni goramak hukugyny doly ýagdaýda goldaýandygyny beýan etdi. 

Jo Baýdeniň jemgyýeteara aksiýalar bilen gyzyklanylmagy we Iýerusalimde asudalygyň üpjün edilmegi bilen bagly tagallalary uly hoşallyk bilen kabul edýändigi bellenen beýanatda: "Jo Baýden asuda ilatyň goralmagy üçin Ysraýyly elinden gelýän tagallany etmegi barada höweslendirdi" diýip habar berildi. 

Iki lideriň Ysraýylyň Gazadaky beýleki toparlar we Hamasa garşy harby operasiýanyň üstünde durup geçendikleri bellenen beýanatda: "Prezident Baýden ylalaşygyň ýola goýulmagyna berýän goldawyny belläp geçdi we bu soňy bolmadyk ýolda ABŞ-nyň Müsür we beýleki hyzmatdaşlary bilen geçiren dialogyny maslahatlaşdy" diýip aýan edildi. 

Telefon söhbetdeşliginde iki lideriň we toparlarynyň tapgyryň çäginde ýakyn aragatnaşykda bolmaklary barada ylalaşyk gazanandyklary mälim edildi. 



Degişli Habarlar