Blinken: "Ysraýylyň hüjüm guran binanyň Hamasa degişlidigi barada subutnama görmedim" diýdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Gazada Ysraýylyň goşuny tarapyndan hüjüm guralan metbugat gulluklaryna degişli binada Hamasyň iş alyp barandygy barada hiç hili subutnama görmändigini habar berdi

1640960
Blinken: "Ysraýylyň hüjüm guran binanyň Hamasa degişlidigi barada subutnama görmedim" diýdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Daniýanyň paýtagty Kopengagen şäherinde gatnaşan metbugat ýynagynda, metbugat gulluklaryna degişli binanyň nyşana alynyp hüjüm guralmagyndan soň, Ysraýyldan onuň sebäbini sorap, maglumat talap edendigini mälim etdi. 

Gazada Ysraýylyň goşuny tarapyndan hüjüm guralan metbugat gulluklaryna degişli binada Hamasyň iş alyp barandygy barada hiç hili subutnama görmändigini aýdan Entoni Blinken, onuň bilen baglanşykly hiç hili maglumat almandygyny hem aýan etdi. 

Ysraýylyň metbugat gulluklaryna degişli binalara guran hüjümlerinde media organlaryna degişli 32 ofis ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi. 

Hüjümlerde Gazada iş alyp barýan 10 metbugat işgäriniň ýaralanandygy, 5 öýüň ulanyp bolmajak ýagdaýa gelendigi we maşgaladan 1 adamyň ýogalandygy habar berildi. 

Ysraýylyň harby uçarlary 15-nji maýda guran hüjüminde Associated Press (AP) we Al Jazeera ýaly habarlar gulluklarynyň ofisleriniň ýerleşýän bina ýer bilen ýegsan edilipdi.



Degişli Habarlar