ABŞ-da Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri protest edildi

Palestina goldaw bermek maksady geçirilen demonstrasiýa takmynan 3 sagat dowam etdi

1640025
ABŞ-da Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri protest edildi

ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde düýn bir ýere jemlenen müňlerçe adam, Palestina goldaw bermek we Ysraýyla nägilelik bildirmek maksady bilen Waşington monumentinden Kongres binasyna tarap ýöriş geçirdiler. 

Şäheriň merkezindäki Waşington monumentiniň öňünde ýygnanan we ellerinde Palestinanyň baýdaklary bolan adamlar: "Palestina azatlyk" diýip şygar aýtdylar. 

Ysraýyla we Ysraýylyň palestinalylara garşy guraýan hüjümlerine sesini çykarmaýan ABŞ-nyň hökümetine nägilelik bildiren demonstrantlar, Waşington monumentinde başladan ýörişlerini ABŞ-nyň Kongres binasyna çenli dowam etdirdiler. 

Palestina goldaw bermek maksady geçirilen demonstrasiýa takmynan 3 sagat dowam etdi. 



Degişli Habarlar