Ysraýyl Gazany Ýykyp Ýumurýar

Gaza sektorynda çekilen ýitigi 70 million dollardan geçdi

1639660
Ysraýyl Gazany Ýykyp Ýumurýar

 

Ysraýyl 10-njy maýdan bäri Gaza guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.

Öýleri, köçeleri bombalap asuda ilaty şehit eden Ysraýyl, beýleki tarapdan infstrukturany, ekin meýdanlaryny we banklary hem ýykyp ýumurýar.

Mesele hakynda Gazadaky hökümet tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, hüjümlerde 500-e golaý ilatly ýeriň dolulygyna ýykylandandygy ýada uly zeper ýetirlendigi nygtaldy.

Asuda ilatyň ýaşaýanýeri bolan köp gatly 32 binanyň ýer bilen ýegsan edilendigi, onlarça iş ýeriniň hem ýykylandygy bellenildi.

Beýannamada, Gaza sektorynda çekilen ýitiginiň 70 million dollardan geçendigi, ýykylan binalar bilen emlak pudagynyň çeken ýitgisiniň bolsa ilkinji kesgitlemelere görä 25 million dollardan geçendigi ýatladyldy.

Ysraýylyň hüjümlerinde 100-e golaý ulagyň oda berlendigi, erkin meýdanlarynyň we suw howdanlarynyň hatardan çykarlandygy nygtaldy.


Etiketkalar: #Gaza , #ýykmak , #Ysraýyl

Degişli Habarlar