Malaýziýanyň Premýer Ministri, Hamasyň Syýasy Lideri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşklik Geçirdi

Heniýýe telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň guran soňky hüjümleri we ýogalan asuda ilat hakynda Muhýiddine maglumat berdi

1639760
Malaýziýanyň Premýer Ministri, Hamasyň Syýasy Lideri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşklik Geçirdi

Malaýziýanyň Premýer ministri Muhýiddin Ýasin, Hamasyň syýasy lideri Ismail Heniýýe bilen telefon arkaly söhbetdeşklik geçirdi.

Mesele hakynda berlen beýannama görä, iki lideriň arasyndaky telefon söhbetdeşligi ýarym sagat dowam etdi.

Heniýýe telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň guran soňky hüjümleri we ýogalan asuda ilat hakynda Muhýiddine maglumat berdi.

Ismail Heniýýe, Malaýziýanyň palestinanyň halkyna berýän goldawlary üçin hoşallyk bildirdi we halkara derejesinde Ysraýyla basyş edilmegi üçin Malaýziýadan kömege garaşdyklaryny belledi.

Malaýziýanyň Premýer ministri Muhýiddin Ýasin telefon söhbetdeşliginde Palestina doly goldaw bermäge dowam etjekdiklerini ýene-de bir gezek nygtady.

 

 



Degişli Habarlar