Sinowak sanjymy Türkiýede öndüriler

Hytaýyň sanjym öndüriji kärhanasy Sinowak, aralarynda Türkiýe hem bolan 5 ýurda koronawirus epidemiýasyna garşy oýlanyp tapylan sanjymyň önümçilik şahadatnamasynyň berilendigini habar berdi

1638627
Sinowak sanjymy Türkiýede öndüriler

Sinowak kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Ýin Weidong beren beýanatynda, häzirki wagta çenli Indoneziýa we Braziliýa 50 million doza, Türkiýä bolsa 20 million doza sanjymyň ugradylandygyny, emma onuň ýeterlik bolmandygyny mälim etdi. 

Weidong, şol çäkde aralarynda Türkiýe döwleti hem bolan dünýäniň 5 ýurduna önümçilik şahadatnamasynyň berilendigini, sanjymyň mundan beýläk şol ýurtlarda öndüriljekdigini aýan etdi. 

Sinowak kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Ýin Weidong, şol ýurtlaryň hatarynda Türkiýe bilen birlikde Braziliýa, Indoneziýa, Malaýziýa we Müsüriň bardygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #sanjym , #Sinovac , #Hytaý

Degişli Habarlar