Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde şehit bolanlaryň sany artýar

Ysraýylyň Gaza guran howa hüjümlerinde şehit bolanlaryň sany 53 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 320 adama ýetdi

1638483
Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde şehit bolanlaryň sany artýar

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi şehit bolanlaryň 14-siniň çagalardan, 3-siniň bolsa zenanlardan ybaratdygyny beýan etdi. 

Hüjüme sezewar galan sebitlerde ýerleşýän binalar boşadyldy. Çagalaryny gujagyna alan ejeler we kakalar hüjümlerden gaçmaga synanyşdy. 

Gazadaky Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Iýad al-Buzum, Ysraýylyň Gazanyň serhetleriniň çäginde ýerleşýän birikmeleri we howpsuzlyk nokatlary nyşana alyp hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Ysraýylyň hüjümleri bilen esasan hem Gaza we Han Ýunus şäherlerini nyşana alýandygy, köçeleriň we infrastruktura ulgamlarynyň hem nyşana alynýandygy aýan edildi. 

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary Eşref al-Kudra beren ýazmaça beýanatynda, asuda ilatyň ýaşaýan öýleriniň we üýşmeleň ýerleriň bilkastlaýyn ýagdaýda nyşana alynmagynyň sebäbiniň Gazanyň halkynda howsala döretmekdigini beýan etdi. 

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gazanyň tapawutly ýerlerinde guran hüjümlerinde ýaşaýyş ýerleri bilen birlikde köçelere we söwda dükanlaryna uly zyýan ýetdi. 

Gazada 13 gatly bir bina Ysraýylyň harby uçarlary tarapyndan nyşana alyndy. 

Binanyň golaýynda ýerleşýän TIKA guramasynyň ofisinede zyýan ýetdi. 

Ysraýyla degişli harby uçarlar asuda ilatyň ýaşan 9 gatly bina hem hüjüm gurady. Zyýan ýeten binanyň ýumruljak bolýandygy aýan edildi. 

Ysraýylyň hüjümleriniň dowam edýän wagtlary jöhit ýaşaýjylar hem palestinalylara hüjüm etdi. Ulaglary bilen ýoldan geçip barýan palestinalylara daş we dürreler bilen hüjüm guraldy. Palestinaly sürüjileriň biri hüjümçiler tarapyndan urulyp öldürilmekden soňky pursatda halas edildi. 

Gaza hüjüm dowam edýärkä Ysraýylyň polisiýa işgärleri şu gün irden ertir namazyndan soň ýaňadandan Aksa metjidinde ýaşlara hüjüm gurap, plastik oklar ulandylar. 

Palestinaly Ýesirler jemgyýetiniň metbugat sekretary Emani Serahne, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň şu gün irden Günbatar Şerianyň tapawutly ýerlerinde operasiýalar geçirip, aralarynda Hamasyň agzalary we aktiwistler bolan jemi 39 adamy göz tussaglygyna alandygyny habar berdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Gaza , #Palestina , #Ysraýyl

Degişli Habarlar