Ysraýylyň Ýokary kazyýeti Şeýh Jerrah etrapçasy bilen kararyny yza süýşürdi

Kazyýet diňlenşiginiň anyk haýsy gün geçiriljekdigi barada bolsa maglumat berilmedi

1637050
Ysraýylyň Ýokary kazyýeti Şeýh Jerrah etrapçasy bilen kararyny yza süýşürdi

Ysraýylyň gabawy astyndaky Gündogar Iýerusalimiň Şeýh Jerrah etrapçasyndaky palestinaly maşgalalara degişli öýleriň boşadylmagy we şol öýleriň jöhit ýaşaýjylara berilmegi bilen bagly kazyýet diňlenşigini yza süýşürdi. 

Ysraýylyň Döwlet ýaýlym organy KAN-yň berýän habaryna görä, Ysraýylyň Ýokary kazyýeti, kazyýet diňlenşigini 2021-nji ýylyň iýun aýynda başga gün geçirilmegi barada karar kabul etdi. 

Kazyýet diňlenşiginiň anyk haýsy gün geçiriljekdigi barada bolsa maglumat berilmedi. 

Habarda kararyň Ysraýylyň Baş prokurory Awiçai Mandelblitiň talabyna laýyklykda kabul edilendigi aýan edildi. 

Mandelblitiň ygtyýarlandyrylan resmilere delonyň netijesi bilen baglanşykly hukuk taýdan garaýşyny özünde jemleýän gizlin bir hat berjekdigi beýan edildi, emma onuň jikme-jikligi barada maglumat berilmedi. 



Degişli Habarlar