“Aksa Metjidi Bilen Birlikde Ähli Ybadathanalara Sarpa Goýulmagy Üçin Çagyryş Berýärin”
Wolkan Bozkyr, Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň Iýerusalimde Aksa metjidine ses bombalary bilen hüjüm guramagyna garşylyk görkezdi.
1636359
BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 75-nji Sessiýasynyň başlygy Wolkan Bozkyr Aksa metjidi bilen birlikde ähli ybadathanalara sarpa goýulmagy üçin çagyryş berdi.
Wolkan Bozkyr, Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň Iýerusalimde Aksa metjidine ses bombalary bilen hüjüm guramagyna garşylyk görkezdi.
Bozkyr Twitterden beren habarnamasynda “Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň mukaddes oraz aýynyň soňky Juma namazynda Iýerusalimde ýerleşýän Aksa metjidine ses bombalary bilen hüjüm guramagy gynandyryjy. 1,8 milliard musulman üçin keramatly we mukkades bolan Aksa metjidi bilen birlikde ähli ybadathanalara sarpa goýulmagy üçin çagyryş berýärin” diýdi.