Russiýanyň Ukraina Serhedinde we Krymda Onmüňlerçe Esgeri Bar

Ýens Stoltenberg "Russiýanyň sebitde köp sanly ýaragynyň we harby enjamynyň hem bardygyny görýäris” diýdi.

1635472
Russiýanyň Ukraina Serhedinde we Krymda Onmüňlerçe Esgeri Bar

 

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Russiýanyň, Ukraina serhedine we Kryma esger ornaşdyrandan soň esgerleriniň bir bölegini yza çekendigini emma on müňlerçe esgeriň henizem sebitde barlygyny dowam etdirýändigini aýtdy.

Stoltenberg, Belgiýanyň paýtagty Brýuselde geçiriljek ÝB-ne agza ýurtlaryň goranmak ministrleriniň maslahatynyň öňüsyrasynda beren beýannamasynda, ministrler bilen Russiýanyň hüjüm ediji tutumy, Ukraina we Owganystan meselesi hakynda pikir alyşjakdyklaryny nygtady.

Russiýanyň Ukraina serhedine geçen hepdelerde köp sanly esger ornaşdyrandygyny ýatladan Stoltenberg, “Rus esgleriniň sanynyň biraz azalandygyny gördük. Emma onmüňlerçe esger henizem sebitde. Russiýanyň sebitde köp sanly ýaragynyň we harby enjamynyň hem bardygyny görýäris” diýdi.

Russiýanyň Garadeňizde käbir gatnawy çäklendirendigini ýatladan Ýens Stoltenberg, mesele bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryna ünsi çekdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #esger , #NATO

Degişli Habarlar