Gije 6-7 Sagat Uklamak Ýürek Saglygy Üçin Peýdaly

Bu netije geçirilen ylmy barlagyň netijesinde ýüze çykaryldy

1635299
Gije 6-7 Sagat Uklamak Ýürek Saglygy Üçin Peýdaly

“Amerikan Kardiologiýa Kolleži” atly lukmançylyk guramasynyň ylmy maslahatynda hödürlenen ylmy işde gijelerine 6-7 sagat uklaýan adamlaryn az ýa-da köp uklaýanlar bilen deňeşdirilende infarkt we ysmaz bolma howplarynyň pesdigi anyklandy.

ABŞ-da 2005-2010-njy ýyllaryň aralygynda sowalnama gatnaşan 14,079 orta ýaşly raýatyň görkezijilerini analiz eden alymlar, gatnaşyjylary gije ukylarynyň möhletine görä üç topara böldi.

Soň gatnaşyjylaryň gan damarlarynyň dykylmagy bilen bagly ýürek keseli howplaryny analiz eden alymlar, barlagyň netijesinde ukynyň möhleti bilen ýürek saglygynyň arasynda möhüm arabaglanşygyň bardygyny kesgitlediler.

Ukynyň ýürek kesellerine sebäp bolýan faktorlaryň arasynda umuman ünsden düşürilýändigini beýan eden ylmy toparyň ýolbaşçysy Kartik Gupta, ylmy barlagyň netijesinde 6 sagatdan az ýa-da 7 sagatdan köp uklaýan gatnaşyjylaryň ýürek kesellleri bilen bagly sebäplerden ölüm howpunyň has ýokarydygyny nygtady.



Degişli Habarlar