ABŞ Owganystana goşmaça gury ýer güýçlerini ugradar

ABŞ, Owganystana howpsuzlyk bilen bagly çäreler üçin goşmaça gury ýer güýçlerini ugradar

1635308
ABŞ Owganystana goşmaça gury ýer güýçlerini ugradar

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň Metbugat geňeşçisi Jon Kirbi gündelik metbugat ýygnagynda, Owganystandan çekilmek tapgyry dowam edýärkä, ýurtdaky harby güýçleri goramak we olara goldaw maksatly goşmaça esger ugratmagy meýilleşdirýändiklerini mälim etdi. 

Jon Kirbi, sebitdäki B-52 kysymly ýadro mümkinçilikli harby uçarlaryň sanyny 6-a ýetirendiklerini habar berdi. 

Ozal bolsa şol uçarlardan 4-siniň sebite gönükdirilendigi aýan edilipdi. 

Jon Kirbi, çekilmek tapgyrynyň howpsyz bolmagyna göz ýetirmek maksady bilen gerek bolan goşmaça çäreleri görmäge dowam etjekdiklerini mälim etdi. 



Degişli Habarlar