Ysraýylly esgerler 16 ýaşyndaky palestinalyny şehit etdiler

Ysraýylly esgerleriň gabaw astyndaky Günbatar Şerianyň Nablus şäherinde geçiren operasiýasynda 16 ýaşyndaky bir palestinaly şehit edildi

1634911
Ysraýylly esgerler 16 ýaşyndaky palestinalyny şehit etdiler

 

Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetinden berilen ýazmaça beýanatda, ysraýylly esgerler tarapyndan Nablus şäheriniň Odala etrapçasynda şehit edilen 16 ýaşyndaky palestinaly çaganyň jesediniň alynandygy mälim edildi.

Beýanatda etrapçada bolan wakalarda mundan başgada hakyky ok bilen ýaralanan palestinaly bir ýaş oglanyň bolsa hassahana ýatyrylandygy aýan edildi

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi hem Odala etrapçasynda bir palestinalynyň şehit bolandygyny tassyklap beren ýazmaça beýanatynda, şehidiň şahsyýeti barada maglumat bermedi. 


Etiketkalar: #esger , #Ysraýyl , #şehit , #Palestina

Degişli Habarlar