Terror Guramasy PKK, Peşmerge Güýçlerine Hüjüm Etdi

PKK, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Peşmerge güýçlerine hüjüm gurady

1635181
Terror Guramasy PKK, Peşmerge Güýçlerine Hüjüm Etdi

 

Yragyň Erbil şäherinde ekstremist terror guramasy PKK, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Peşmerge güýçlerine hüjüm gurady.

Terror guramasy PKK, Erbiliň Soran etrabynyň Sidekan etrapçasynda Peşmerge güýçlerine hüjüm gurady.

Peşmerge güýçleriniň serkerdesi Berhem Arif Ýasin, PKK-nyň Sidekandaky Peşmerge merkezine hüjüm edendigini, hüjümde ýogalanyň ýada ýaralananyň bolmandygyny aýtdy.

Sidekan etrapçasynda 12-nji martda PKK-nyň goýan partlaýjy maddasy, Peşmergelere degişli ulag geçip barýarka ýarylypdy.

Wakada 1 Peşmerge ýogalypdy, 1-i hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar