“Liwiýalylaryň Bähbitlerine Laýyk Gelýän Ylalaşykdan Çekilmeris”

Dibeýbe Gresiýa bilen deňiz ygtyýar giňişlikleri boýunça garaýyşlarynyň tapawutlygyny aýtdy

1634873
“Liwiýalylaryň Bähbitlerine Laýyk Gelýän Ylalaşykdan Çekilmeris”

Liwiýanyň Premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbe ýurdunyň Türkiýe bilen gol çekişilen “Deňiz ygtyýar giňişliklerinin çäklendirilmegi hakyndaky ylalaşyk” boýunça Gresiýa bilen garaýyş tapawutlyklarynyň bardygyny aýtdy.

Abduhamid Dibeýbe merkezi Katarda ýerleşýän “Al Jazira” ýaýlymyna beren interwýusynda Liwiýa meselesinde ýetilen soňky sepgit hakynda beýannama berdi.

Türkiýe bilen Liwiýanyň arasynda 2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda gol çekişilen we Gresiýanyň garşy durýan “Deňiz ygtyýar giňişliklerinin çäklendirilmegi hakyndaky ylalaşyk” hakyndaky garaýyşlary soralan Dibeýbe, ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etjekdiklerini nygtap: “Liwiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky deňiz ygtyýar ylalaşygy meselesinde Gresiýa bilen ylalaşmaýarys. Liwiýalylaryň bähbitlerine laýyk gelýän ylalaşykdan çekilmeris” diýdi.



Degişli Habarlar