Afrinde Guralan Hüjümde 5 Çaga Ýaralandy

Howpsyzlyk güýçleri, hüjümiň terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny öňe sürýär

1634886
Afrinde Guralan Hüjümde 5 Çaga Ýaralandy

Siriýanyň demirgazygynda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Afrin etrabynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan terrorçylykly hüjümde 5 çaga ýaralandy.

“Zeýtun Şahajygy” operasiýasy bilen terrordan saplanan etrapda ulaga goýlan bomba ýaryldy.

Etrap merkezinde guralan terrorçylykly hüjümde ulagyň golaýynda oýnaýan 5 çaga ýaralandy.

Ýaralananlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Howpsyzlyk güýçleri, hüjümiň terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny öňe sürýär.

Afriniň etrap merkezi 2018-nji ýylyň 18-nji martynda “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynyň çäginde terror guramasy ÝPG/PKK-dan saplanypdy.



Degişli Habarlar