ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ukraina Bardy

Blinken saparynyň çäginde Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen hem duşuşar

1635241
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ukraina Bardy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Ukrainada saparda bolýar.

Blinken saparynyň çäginde ilki Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmytro Kuleba bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary duşuşykda ýurdunyň Ukrainanyň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine goldaw berýändigini nygtady.

Blinken saparynyň çäginde Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen hem duşuşar.

Wladimir Zelenskiý ýurdunyň NATO agzalygy meselesinde resmi Waşingtondan goldawa garaşýandygyny aýdypdy.

Ukrainanyň Prezidentiniň ekstremistler bilen başdan geçirilýän dartgynlyk sebäpli ABŞ-dan kömek soramagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar