Owganystanda Sil Sebäpli 14 Adam Ýogaldy

Adrasken etrabynda aşa köp ýagýan ýagyşlar sile sebäp boldy

1633631
Owganystanda Sil Sebäpli 14 Adam Ýogaldy

Owganystanyň günbatarynda ýerleşýän Gerat welaýatynda sil apaty sebäpli 14 adam ýogaldy.

Welaýat hakimliginiň metbugat geňeşçisi Jeýlani Farhad, Adrasken etrabynda aşa köp ýagýan ýagyşlaryň sile sebäp bolandygyny aýtdy.

Farhad silde 14 adamyň ýogalandygyny belledi.

Geratyň Uba etrabyna hem siliň gelendigini aýdan Farhad, apatda çekilen ýitgi hakynda heniz hiç hili maglumatyň ýokdygyny nygtady.

Köp sanly öýüň suwyň aşagynda galandygyny aýdan Farhad, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini ýatlatdy



Degişli Habarlar