Meksikada Metro Geçelgesiniň Çökmegi Sebäpli 15 Adam Ýogaldy

Paýtagt Meksikoda bejergisi dowam edýän metro geçelgesiniň bir bölegi üstündäki otly wagonlary bilen birlikde çökdi.

1633579
Meksikada Metro Geçelgesiniň Çökmegi Sebäpli 15 Adam Ýogaldy

 

Meksikada metro geçelgesiniň çökmegi sebäpli 15 adam ýogaldy, 70 adam ýaralandy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, paýtagt Meksikoda bejergisi dowam edýän metro geçelgesiniň bir bölegi üstündäki otly wagonlary bilen birlikde çökdi.

Ýolbaşçylar, wagonlaryň geçelgäniň aşagyndaky ýoldan geçip barýan ulaglaryň üstüne ýykylandygyny nygtaýar.

Heläkçilikde 15 adamyň ýogalandygy, 70 adamyň hem ýaralanandygy habar berildi.


Etiketkalar: #wagon , #metro , #Meksika , #çökmek

Degişli Habarlar