Eýranda sil apaty başdan geçirildi

Eýranyň biri-birinden tapawutly ýerlerinde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda ilkinji kesgitlemelere görä 10 adam ýogaldy

1633930
Eýranda sil apaty başdan geçirildi

Eýranly zähmetkeşler habarlar agentligine beýanat beren Eýranyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Ýardam we halas ediş guramasynyň başlygy Mehdi Welipur, ýurdyň demirgazyk-gündogarynda, merkezinde we günorta-gündogar sebitlerinde düýn başdan geçirilen sil apatlary barada beýanat berdi. 

Welipur: "Aşa ýagan ýagyşlar ýurdyň Yspyhan, Ýezd, Günorta Horasan, Horasany Rezewi, Kirman, Simnan, Tähran we Sistan-Belujystan welaýatlarynda sil apatynyň döremegine sebäp boldy. Ýezd, Günorta Horasan we Kirman welaýatlarynda sil apatynda ýiten 10 adamyň jesedi tapyldy. Bir adamyň gözleg işleri dowam edýär" diýip habar berdi. 

Siliň 6 etraba we 47 oba ýaramaz täsir ýetirendigini aýdan Welipur, gözleg we halas ediş işlerine ýüzlerçe adamyň gatnaşýandygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Eýran

Degişli Habarlar