"Defender Europe 21" atly harby türgenleşik başlady

Harby türgenleşige Türkiýe döwleti hem gatnaşýar

1633446
"Defender Europe 21" atly harby türgenleşik başlady

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň Metbugat sekretary Jon Kirbi, ABŞ-nyň Ýewropanyň 26 ýurdy bilen bilelikde geçirýän we 28 müň esgeriň gatnaşýan "Defender Europe 21" atly harby türgenleşigiň başlandygyny habar berdi. 

Gündelik metbugat ýygnagynda beýanat beren Jon Kirbi, mart aýyndan bäri taýarlyklary dowam edýän "Defender Europe 21" atly harby türgenleşigiň başlandygyny we iýun aýynyň ortasyna çenli dowam etjekdigini mälim etdi. 

Kirbi türgenleşigiň Albaniýada başlandygyny belläp: "Türgenleşige ABŞ we hyzmatdaşlary bolmak bilen jemi 26 ýurtdan 28 müň esger gatnaşar we türgenleşik goranyş maksatly bolar. Türgenleşik biri-birleri bilen arabaglanşykly bolan birnäçe köp milletli türgenleşigi özünde jemleýär" diýip aýan etdi. 

Harby türgenleşige Türkiýe döwleti hem gatnaşýar. 

Şol bir wagtda Alýaskanyň kenarynda "Demirgazyk Kenar" atly harby türgenleşigiň ABŞ-nyň Harby-howa güýçleri we ABŞ-nyň Hindi-Ýuwaş umman harby goşuny tarapyndan ýerine ýetiriljekdigini aýdan Kirbi: "Bilelikde hereket edip bilmegi özgertmek we söweşe taýarlygy artdyrmak üçin ýokary derejeli, hakykata ýakyn bir harby uçar täliminiň geçiriljek türgenleşige 15 müň esger we 240 harby uçar gatnaşar" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar