Bill Geýts we aýaly Melinda Geýts aýrylyşmak barada karar kabul etdiler

Bill Geýts aýrylyşmak baradaky kararyny özüniň Twitter hasabyndan beýan etdi

1633403
Bill Geýts we aýaly Melinda Geýts aýrylyşmak barada karar kabul etdiler

Microsoft kärhanasynyň esaslandyryjysy amerikaly milliarder Bill Geýts we aýaly Melinda Geýts aýrylyşmak barada karar kabul etdiler.

Bill Geýts aýrylyşmak baradaky kararyny özüniň Twitter hasabyndan aýan etdi. Bill Geýts: "Gatnaşyklarymyzyň üstünde ençeme wagt pikir edenimizden soň aýrylyşmak barada karar kabul etdik" diýip habar berdi. 

27 ýylyň dowamynda 3 çaga ýetişdirendiklerini, dünýäniň ähli ýerinde adamlara döreden gaznalary bilen saglykly we kadaly durmuş dowam etdirmekleri üçin kömek berendiklerini we şol missiýalaryň dowam etjekdigini aýdan Bill Geýts: "Emma durmuşymyzyň soňky tapgyrynda är-aýal hökmünde bilelikde ýaşap biljekdigimizi pikir etmeýäris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar