Owganystanda Bomba Ýüklenen Ulag Bilen Guralan Hüjümde 30 Adam Ýogaldy

Hüjümde ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär

1631815
Owganystanda Bomba Ýüklenen Ulag Bilen Guralan Hüjümde 30 Adam Ýogaldy

 

Owganystanyň Logar welaýatynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 30 adam ýogaldy

Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Taryk Arýen, Logaryň merkezi Pul-i Alem şäherinde düýn agşamara bomba ýüklenen ulag bilen hüjümiň guralandygyny aýtdy.

Hüjümiň uly tire-taýpalardan biriniň ýolbaşçysyna degişli myhmanhananyň öňünde guralandygy nygtaldy.

Hüjümde azyndan 30 adamyň ýogalandygy, 90-dan gowrak adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Hüjümde ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.



Degişli Habarlar