Dünýäniň Iň Uzyn Asma Köprüsi Ulanmaga Beriler

Dünýäniň iň uzyn asma pyýada köprüsi Portugaliýada ulanmaga beriler

1631478
Dünýäniň Iň Uzyn Asma Köprüsi Ulanmaga Beriler

ÝUNESKO tarapyndan dünýä mirasynyň sanawynda durýan Aruka geoparkyň üçünde gür agaçlar we sary güller bilen bezelen gaýalyk daglaryň arasynda ýerleşýän köprüniň uzynlygy 519 metr.

Aguieiras şaglawugy bilen Aruka geologik seýilgähindäki zolaklardan biri bolan Paiwa Gorgi birleşdirýän asma köpri 10 minutda geçilýär.

Polat kabeller bilen berkidilen köprüniň 175 metr aşagyndan Paiwa derýasy akýar.

Köprüniň ýekşenbe günki resmi açylyş dabarasyndan öň Aruka şäheriniň käbir ýaşaýjylarynyň köprüden geçmegine rugsat berildi.

Köprüden ilkinji bolup geçen syýahatçylyk gidi Gugo Hawier “Azajyk gorkdum, emma ajaýyp gözeldi. Adatdan daşary tejribe boldy” diýdi.

Arukanyň häkimi Bargarida Belem: “Dünýäde şundan başga şeýle köpri ýok” diýip, köprünin ýaşaýjylaryň başga ýerlere göçmeginiň öňüni alyş strategiýasynyň bir bölegini emele getirýändigini aýtdy.

Ýerli halk gymmaty 2,3 million ýewro barabar bolan we iki ýylda gurlup gutarylan köprüniň esasanda pandemiýadan soň sebitde gelim-gidimiň artmagyna goşant goşmagyny tama edýär.



Degişli Habarlar