Ysraýylda Lag BaOmer Baýramçylygy Uly Betbagtçylyga Öwrüldi

Dyknyşykda 44 adam ýogaldy ,103 adam ýaralandy

1631129
Ysraýylda Lag BaOmer Baýramçylygy Uly Betbagtçylyga Öwrüldi

 

Ysraýylda, Lag BaOmer baýramynyň bellenilip geçilýän meýdançasynda bolan dyknyşyk sebäpli 44 adam ýogaldy, 103 adam ýaralandy.

Meron dagynda bellenilip geçilýän baýramçylygyň çäginde düýn ýary gije birden dyknyşyk boldy.

Wakada agyr ýaralananlaryň bardygy hakynda gelip gowşan habarlardan soň sebite 6 tiz kömek dikuçary ugradyldy.

Premýer ministr Binýamin Netanýahu, Twitterden beren habarnamasynda wakalary “uly betbagtçylyk” hökmünde häsiýetlendirdi we ýaralanlara gyssagly şypa diledi.

Dyknyşykda 44 adamyň ýogalandygy, 103 adamyň ýaralanandygy habar berildi.

Ýaralananlardan 44 adamyň ýagdaýynyň agyrdygy nygtalýar.

Dyknyşygyň başdan geçirlen ýerinde göçme hassahananyň gurlandygy nygtaldy.

Howpsyzlyk güýçleri Meron dagyndaky dyklyşyk sebäpli derňew işiniň gozgalandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar