Kovid-19-yň Dermany 2021-njy Ýylyň Ahyrynda Ulanylmaga Başlanar

Mart aýynyň başynda dermanyň birinji tapgyr synaglary geçirlipdi

1630772
Kovid-19-yň Dermany 2021-njy Ýylyň Ahyrynda Ulanylmaga Başlanar

 

Derman firmasy Pfizer, täze görnüş koronawirusa garşy taýarlanýan dermanyň ilkinji synaglarynyň üstünlikli ýagdaýda tamamlanandygyny we dermanyň üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli ulanylmaga başlanmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Kovid-19 sanjymynyň elýeterliligi we täsirleri meselesi gün tertibinde esasy orun eýeleýär. Beýleki tarapdan Pfizer firmasynyň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy Albert Bourla, Kovid-19 sanjymynyň üstümizdäki ýylyň ahyrynda ulanylmaga başlanyp bilinjekdigini aýtdy.

Bourla, ady agzalýan “PF-07321332” atly dermanyň koronawirusa garşy göreşde beýleki dermanlara görä has täsirli boljakdygyny nygtady.

Mart aýynyň başynda dermanyň birinji tapgyr synaglary geçirlipdi.


Etiketkalar: #Pfizer , #Kovid-19 , #derman

Degişli Habarlar