Wladimir Zelenskiý ýurdyň günortasyndaky front liniýasynda gözegçilik işlerini geçirdi

Esgerler bilen duşuşyk geçiren Zelenskiý, harby birikmeleriň ýagdaýy barada maglumat aldy

1629873
Wladimir Zelenskiý ýurdyň günortasyndaky front liniýasynda gözegçilik işlerini geçirdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň bikanun ýagdaýda anneksiýa eden Krym bilen Ukrainanyň arasyndaky front liniýasyna baryp, gözegçilik işlerini geçirdi. 

Ukrainanyň Döwlet baştutanlygy tarapyndan berilen beýanata görä Wladimir Zelenskiý Herson sebitene guran saparynyň çäginde, harby birikmelerde gözegçilik işlerini geçirdi. 

Esgerler bilen duşuşyk geçiren Zelenskiý, harby birikmeleriň ýagdaýy barada maglumat aldy. 

Zelenskiý goşunyň tehniki we psihiki taýdan ýagdaýyny görmegiň möhümdigini belläp, Russiýanyň harby birikmelerini yza çekmäge başlamagynyň, goşuny Russiýanyň ýaňadandan gelmek ähtimallygyna garşy taýarlykly bolmajakdygy manysyna gelmeýändigini aýan etdi. 

Ýewropa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň umumy tagallalarynyň, dartgynlygy azaltmak üçin bir pursat döredendigini aýdan Zelenskiý: "Rus harby birikmeleriniň 100 göterim yzyna gaýdyp geljekdigine güwä geçip bilmeris. Ondada Ukraina serhedinden birikmelerini yzyna çekmek baradaky kararyny takdyr edýäris. Bu dartgynlygy dowam etdirmezlik baradaky niýetiniň bir görkezijisi" diýip habar berdi. 

Donbassdaky söweşiň tamamlanmagy üçin beýleki ýurtlaryň hem parahatçylyk gepleşiklerine goşulmaklarynyň tapgyry çaltlandyryp biljekdigini aýdan Zelenskiý: "Normandiýa formatyna goşmaçalar girizilip biliner, beýleki ýurtlar bilen aýry we paralel bir formatda, çynlakaý çemeleşjek we güýçli aktýorlar bilen" diýip mälim etdi. 

Zelenskiý Minsk gepleşikleriniň hem täzelenmeginiň gerekdigi barada çagyryş berip: "Hiç kim Minsk ylalaşygynyň tamamlanmagyny islemeýär, emma käbir ýerleri täzelenmeli" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar