Russiýa Baltika ýurtlary bilen Slowakiýanyň 7 diplomadyny ýurtdan çykarýar

Russiýa, 2 litwaly, 1 latwiýaly, 1 estoniýaly we 3 slowakiýaly diplomady islenmeýän adam yglan etdi

1630122
Russiýa Baltika ýurtlary bilen Slowakiýanyň 7 diplomadyny ýurtdan çykarýar

Russiýanyň daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Litwanyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Eýtwidas Baýarunasyň, Latwiýanyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Maris Riekstinşiň we Estoniýanyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçiniň geňeşçisi Piret Reintamm Bennonyň ministrlige çagyrylyp, bu ýurtlardan rus diplomatlaryň esassyz we öjükdiriji ýagdaýda ýurtdan çykarmak baradaky kararynyň berk ýagdaýda protest edilendigi mälim edildi. 

Wilnýusyň, Riganyň we Talliniň Russiýa garşy açyk ýagdaýda duşmançylykly bir ýol dowam etdirýändigi bellenen beýanatda, bu Baltika ýurtlarynyň Çehiýa bilen Russiýa garşy jebislik içinde hereket edýändiklerine ünsler çekildi. 

Beýanatda: "Ikitaraplaýyn ýörelgä laýyklykda Litwanyň Moskwa şäherindäki ilçihanasyndan 2 işgäriň, Latwiýanyň Moskwa şäherindäki ilçihanasyndan 1 işgäriň, Estoniýanyň Moskwa şäherindäki ilçihanasyndan 1 işgäriň Russiýany 7 günüň içinde terk etmekleri islendi" diýip habar berildi. 

Estoniýanyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Lubomir Rehakyň hem Russiýanyň Daşary işler ministrligine çagyrylyp nota berilendigi bellenen beýanatda, Slowakiýada 3 rus diplomadyň bolgusyz we oýlanyp tapylan bahanalar bilen islenmeýän adam yglan edilendigi, Slowakiýanyň Russiýa garşy kampaniýalar bilen Çehiýa bilen ýasama jebislik hereketini alyp barýandygy aýan edildi. 

Estoniýaly 3 diplomadyň ikitaraplaýyn ýörelgä laýyklykda islenmeýän adam yglan edilendigi bellenen beýanatda, diplomatlaryň 5-nji maýa çenli Russiýany terk etmekleri islendi. 



Degişli Habarlar