NATO, Russiýanyň Esgerlerini Yzyna Çekmeginden Hoşal

Stoltenberg, NATO-nyň Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy

1629636
NATO, Russiýanyň Esgerlerini Yzyna Çekmeginden Hoşal

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Russiýanyň Ukrina serhedindäki we basyp alan ýeri bolan Krymdaky esgerlerini yzyna çekendigi hakyndaky habarlardan hoşaldyklaryny we mesele bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam etjekdiklerini aýtdy.

Stoltenberg, Slowakiýanyň Premýer ministri Eduard Heger bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýannamasynda, Russiýanyň geçen hepdelerde Ukrina serhedine we Krym ýarymadasyna esger ornaşdyrmagy bilen başlan dartgynlygyň biraz gowşandygyny we mundan hoşaldyklaryny belledi.

NATO-nyň Baş sekretary “Wakalar bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam ederis. Russiýanyň, Ukrainanyň içindäki we töwereklerindäki ähli esgerlerini yzyna çekmegine we syýasy etaba içginlik bilen başlamagyna garaşýarys” diýdi.

Stoltenberg, NATO-nyň Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar