ÝPG/PKK ylalaşyga garamazdan Siriýanyň Kamyşly etrabyndan çekilenok

Emma terror guramasy berilen möhlediň dolmagyna garamazdan etrapçadan entegem çekilenok

1629256
ÝPG/PKK ylalaşyga garamazdan Siriýanyň Kamyşly etrabyndan çekilenok

Terror guramasy ÝPG/PKK, Russiýanyň araçylyk etmeginde gazanylan ylalaşyga garamazdan, Siriýanyň Kamyşly etrabyndaky Asada tabynlykdaky güýçler bilen ýaragly çaknyşyga girip basyp alan Taý etrapçasyndan çekilmek islemeýär. 

Kamyşly etrabynyň merkezinde, 20-25-nji aprel aralygynda ÝPG/PKK-a agza terrorçylar bilen Asada tabynlykdaky güýçlere degişli "Milli howpsuzlyk" atly söweşiji toparyň arasynda güýçli çaknyşyklar boldy. 

Taraplaryň ikisinden hem onlarça adamyň ýogalan we ýaralanan çaknyşykda, ÝPG/PKK-a agza terrorçylar, Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiliginde bolan Taý etrapçasyny basyp aldy. 

Şol wagt aralygynda Asada tabynlykdaky güýçleriň etapçany ýaňadandan yzyna ele geçirmek üçin eden tagallalarynyň netijesinde çaknyşyklar has hem berkedi, etrapçanyň ýaşaýjylary bolsa şol sebäpli öýlerini terk etmäge mejbur boldy. 

Şäheriň merkezini bilelikde dolandyrýan taraplaryň arasyndaky çaknyşyklary ýatyrmak üçin Russiýa ýene-de bir gezek ara girdi. 

Ýerli çeşmelerden alynan maglumata görä, Russiýanyň Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky sebitlerden jogapkär ýokary derejeli harby wekilleri, 25-nji aprelde Kamyşly howa menzilinde çaknyşan taraplaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. 

Duşuşykda ÝPG/PKK-a agza terrorçylaryň Taý etrapçasyndan çekilmegi we basyp alan ýerlerine Asada tabynlykdaky güýçleriň girmegi babatynda ylalaşyga gelindi. 

Ylalaşykdan soň Russiýa we Asada tabynlykdaky güýçler, ÝPG/PKK-a Taý etrapçasyndan çekilmegi üçin 1 gün möhlet berdi. Emma terror guramasy berilen möhlediň dolmagyna garamazdan etrapçadan entegem çekilenok. 



Degişli Habarlar