Ýewropa Bileleşigi Hindistana kömek ugratmaga taýarlanýar

ÝB Kimissiýasynyň krizis dolanşygyndan jogapkär agzasy Ýanez Lenarçiç hem ÝB-niň Hindistana kislorod we derman ugratmaga taýarlanýandygyny mälim etdi

1628403
Ýewropa Bileleşigi Hindistana kömek ugratmaga taýarlanýar

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) koronawirus epidemiýasynda wirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň soňky günlerde barha artmaga dowam edýän Hindistanyň islegine laýyklykda bu ýurda kömek ugratmaga taýarlanýar. 

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Hindistandaky ýagdaýa alada bildirýändiklerini belläp: "Kömege taýardyrys" diýip ýüzlenme berdi. 

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, Hindistanyň kömek berilmek baradaky talabyna laýyklykda ÝB Raýat goranyş mehanizmiň çäginde ÝB-niň çeşmelerini tiz depginler bilen taýarlaýandygyny belläp: "Hindistanyň halky bilen dolulygyna raýdaşlyk içindediris" diýip habar berdi. 

ÝB Kimissiýasynyň krizis dolanşygyndan jogapkär agzasy Ýanez Lenarçiç hem ÝB-niň Hindistana kislorod we derman ugratmaga taýarlanýandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar