Ýaponiýa, ABŞ we Fransiýa Bilen Türgenleşik Geçirer
Türgenleşigiň, Hytaýyň howp salyjy çemeleşmelerine garşy guraljakdygy beýan edildi
Ýaponiýanyň guryýer goranyş güýçleri Hytaýyň howp salyjy çemeleşmelerine garşy Fransiýa we ABŞ bilen bilelikde uly göwrümli türgenleşik geçirer.
Ýaponiýanyň Goranmak ministri Kişi Nobuo geçiren metbugat ýygnagynda ýurduň günorta günbataryndaky Kýuşuda maý aýynyň 11-17-si aralygynda Fransiýa we ABŞ bilen bilelikde türgenleşik geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Üç ýurduň gury ýer güýçlerinin ilkinji gezek uly göwrümli bilelikdäki türgenleşigi geçirjekdigine ünsi çeken Kişi; “Fransiýa “Erkin we Açyk Hindi-Ýuwaş Umman” konsepsiýasyny alyşýar” diýdi.
Ministr Kişi: “Alys adalaryn goralmagynyň çäginde Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň we Fransiýanyň hyzmatdaşlygy güýçlendirip, guryýer goranyş usulyýetini we ukybyny kämilleşdirmegi maksat edinýäris” diýdi.
İlatly ýerlerde göreş bilen desant operasion güýçleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bilelikdäki türgenleşik, Kýuşu sebitinde guryýer goranyş güýçlerine degişli Kirişima tälim bazasy bilen Ainura harby düşelgesinde geçiriler.
Degişli Habarlar
Malaýziýada 2 harby dikuçar çakyşdy
Malaýziýada 2 harby dikuçaryň çakyşmagy netijesinde 10 adam ýogaldy