Çilide Astrazeneka sanjymy diňe erkek adamlara ediler
Hökümet ýurda gelen ilkinji tapgyr Astrazeneka sanjymyny ilkinji etapda diňe erkeklere ediljekdigini habar berdi
Günorta Amerika materiginde ýerleşýän Çili Kowid-19 epidemiýasyna garşy Astrazeneka kärhanasy tarapyndan oýlanyp tapylan sanjymyň diňe erkek adamlara ediljekdigini habar berdi.
Hökümet ýurda gelen ilkinji tapgyr Astrazeneka sanjymyny ilkinji etapda diňe erkeklere ediljekdigini habar berdi.
Çilä 158 müň 400 dozalyk Astrazeneka sanjymynyň ilkinji tapgyry anna güni baryp ýetipdi.
Döwlet Saglygy goraýyş edarasy geçen hepde beren beýanatynda, Astrazeneka sanjymyny 55 ýaşdan ýokary bolan zenanlara we 18 ýaşdan ýokary bolan erkeklere edilmegini maslahat beripdi.
Ýewropanyň käbir ýurtlary ganyň goýalmagyna sebäpli bolup bilýändigi üçin bu sanjymyň ulanylmagyny goý bolsun edipdiler, käbir ýurtlar bolsa sanjymyň ulanylyşy üçin ýaş aralygyny kesgitläpdiler.
Degişli Habarlar
Doha forumy 2024 öz işine başlaýar
Doha forumy 7-nji dekabrynda Kataryň paýtagtyndaky Şeraton myhmanhanasynda öz işine başlar.