NATO-nyň ýokary derejeli maslahaty 14-nji iýunda Brýusselde geçiriler

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, NATO maslahatynyň 14-nji iýunda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherindäki NATO-nyň ştabynda geçiriljekdigini mälim etdi

1626325
NATO-nyň ýokary derejeli maslahaty 14-nji iýunda Brýusselde geçiriler

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg beren ýazmaça beýanatynda, iýundaky maslahatyň Ýewropa bilen Demirgazyk Amerikanyň arasyndaky arabaglanşygyň jisime öwrülen ýagdaýy bolan NATO-ny güýçlendirmek üçin bir mümkinçilik boljakdygyny habar berdi. 

Ýens Stoltenberg hyzmatdaş ýurtlaryň liderleriniň maslahatda Russiýanyň aşa hereketleri, terror howpy, kiber hüjümler, artýan we ýumurujy tehnologiýalar, daşky gurşawynyň üýtgemeginiň howpsuzlyga täsiri we Hytaýyň beýgelişi ýaly ugurlarda kararlar kabul etjekdigini aýan etdi. 

NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlaryny bir ýere jemleýän NATO maslahatynyň iň soňkusy 2018-nji ýylda Brýusselde geçirilipdi. 

Alýansyň döredilmeginden bäri 28 gezek liderler maslahaty geçirilipdi. 

NATO-nyň liderler maslahaty gurama agza bolan ýurtlaryň birinde geçirilýär we NATO-nyň Baş sekretary maslahata ýolbaşçylyk edýär. 


Etiketkalar: #Brýussel , #maslahat , #NATO

Degişli Habarlar