Ukrainanyň Döwlet baştutany BMG-nyň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1626309
Ukrainanyň Döwlet baştutany BMG-nyň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Telefon söhbetdeşliginde Ukrainanyň gündogaryndaky howpsuzlyk ýagdaýy we Russiýanyň sebite harby güýç ýygnamagy ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Wladimir Zelenskiý telefon söhbetdeşliginde Antoniu Guterrişe Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we territorial bütewiligine berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Zelenskiý, Krymdaky we Donbassdaky BMG-nyň Adam hukuklary gözegçilik missiýasynyň ähmiýedini belläp geçdi. 

Telefon söhbetdeşliginden taraplar şeýle hem koronawirus sanjymlarynyň adalatly ýagdaýda paýlanmagy we awgust aýynda geçiriljek Krym Platformasy maslahatyny ara alyp maslahatlaşdylar.  



Degişli Habarlar