Rus Harby Güýçleri Yza Çekiler

Bu barasynda türgenleşige gözegçilik eden miistri Şoýgu beýan etdi

1626616
Rus Harby Güýçleri Yza Çekiler

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Russiýanyň Günorta we günbatar harby bölümleriniň türgenleşigini geçirip gutarandygyny, harby bölümleriň yza çekiljekdigini beýan etdi.

Şoýgu Russiýa tarapyndan anneksirlenen Krymdaky türgenleşiklere gözegçilik etmek üçin guran saparynyň dowamynda harby ýolbaşçylar bilen duşuşdy.

Günorta we günbatar harby bölümleriň geçiren türgenleşiklerini geçirip gutarandygyny beýan eden Şoýgu: “Gözegçilikleriň maksada doly ýetendigini aýdasym gelýär. Haby bölümler ýurduň goranyşyny birkemsiz berjaý etme ukybyny görkezdi. Şol çäkde Günorta we günbatar harby zolaklardaky gözegçilikleriň bes edilmegi boýunça görkezdme berdim” diýdi.

Harby bölümleriň 23-nji aprelden başlap durnukly pozisiýalaryna dolanmagy üçin harby ýolbaşçylara görkezme beren Şoýgu, türgenleşik geçiren şol güýçleriň 1-nji maýa çenli durnukly ornaşjak ýerlerine dolanmagyny tabşyrdy.

Russiýanyň günorta serhetlerinde NATO-nyň harby hereketliliginiň artandygyny aýdan Şoýgu: “Sebitde NATO-nyň harby işleri giňelýär. Howpsyzlyk barlaglary güýçlenýär, operatiw tälimleriniň göwrümi we depgini artýar” diýdi.

“Defender-2021” harby türgenleşigi üçin NATO-nyň harby bölümlerini sebitde getirmegi bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtan Şoýgu, Polşanyň, Slowakiýanyň, Wengriýanyň, Rumyniýanyň we Bolgariýanyň NATO-nyň harby güýçleriniň jemlenmegi üçin utgaşdyryş merkezini döredendigini beýan etdi.

 



Degişli Habarlar