“Russiýa Ýerliksiz Çemeleşýänler Puşman Bolar”

Putin, Russiýanyň özüne garşy bolan prowakasiýalara berk gatawul berjekdigini belledi

1625673
“Russiýa Ýerliksiz Çemeleşýänler Puşman Bolar”

 

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, ýurduna garşy ýerliksiz çemeleşýänleriň puşman boljakdyklaryny aýtdy.

Putin, ýyllyk çykyşynda, Russiýanyň özüne garşy bolan prowokasiýalara berk gatawul berjekdigini belledi.

Wladimir Putin, resmi Moskwanyň beýleki ýurtlar bilen ýakyndan gatnaşyk etmäge çalyşýandygyny we daşary ýurtlylaryň Russiýa garşy ýerliksiz çemeleşmeli däldigini nygtady.

Çykyşynda ýurdunyň täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy alyp barýan göreşi hakynda hem durup geçen Putin, 3 Kovid-19 sanjymynyň gysga wagtda öndürilmeginiň Russiýanyň tehnalogiýa we senagat taýdan eden öňe gidişligini görkezýändigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar