ABŞ we NATO Meçew Beriji Synanşyklaryny Dowam Edär

Ýakyn Gündogarda we Kawkazda-da käbir ýurtlaryň durnuksyzdygyny aýtdy

1625228
ABŞ we NATO Meçew Beriji Synanşyklaryny Dowam Edär

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu ABŞ-nyň we NATO-nyn Gara deňiziň howa we suw giňişliklerinde “meçew beriji” synanşyklaryny dowam etdirýändigini aýtdy.

Şoýgu, Goranmak ministrliginiň resmileri bilen geçiren maslahatynda Ukrainanyň gündogaryndaky meseleler boýunça durup geçip, Ukrainanyň hökümetinin Donbassda şertleri agyrlaşdyrmaga synanşýandygyny öňe sürdi.

Şoýgu: “Donbassdaky şertleri durnuksyzlaşdyrmaga synanşýan Ukrainanyň harby-syýasy ýolbaşçylarynyň oňaýsyz pozisiýasy dowam etdirilýär” diýdi.

Russiýanyň günorta-günbatar serhetlerinde harby-syýasy şertleriň “agyrdygyny” beýan eden Şoýgu, onuň käbir daşary ýurt döwletleriniň şol sebitlerde harby pozisiýalaryny berkitme synanşygyndan gelip çykýandygyny nygtady.

Ministr Şoýgu ABŞ-nyň we NATO-nyň harby çäreleri hakynda bolsa: “ABŞ we NATO Gara deňiziň howa we syw giňişliklerinde meçew beriji işlerini dowam etdirýär” diýdi.

Sergeý Şoýgu käbir Ýakyn Gündogar we Kawkaz ýurtlarynda-da şertleriň durnukly däldigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar