Garabag söweşinde ýogalan ermeni esgeriň dogan-garyndaşlary Paşinýana nägilelik bildirdi

Garabag söweşinde ýeňilişe sezewar bolan Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýana öýke-kineler we nägilelikler bildirilmäge dowam edilýär

1623529
Garabag söweşinde ýogalan ermeni esgeriň dogan-garyndaşlary Paşinýana nägilelik bildirdi

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, Daglyk Garabag söweşinde ýogalan ermeni esgeriň jaýlanan ýerine gül desselerini goýmak islän mahaly, ýogalan esgeriň dogan-garyndaşlary nägilelik bildirdi. 

Garabag söweşinde ýeňilişe sezewar bolan Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýana öýke-kineler we nägilelikler bildirilmäge dowam edilýär. 

Nikol Paşinýan ýurdyň Waýots Dzor sebitinde Daglyk Garabag söweşinde ýogalan bir ermeni esgeriň jaýlanan ýerine gül desselerini goýmak islän mahaly, esgeriň dogan-garyndaşlary ilki bilen nägilelik bildirdi, soň bolsa esgeriň mazaryna gül desselerini goýmagyna böwet boldylar. 

Şol pursatlar kamera tarapyndan ýazga alyndy. Wideo ýazgyda Paşinýanyň gül desselerini esgeriň jaýalanan ýerine goýmak üçin golaýlaşandygyny görüp bolýar. Esgeriň dogany şol mahal: "Bu meniň jigimiň mazary. Muňa hakym bar we size rugsat beremok" diýip aýtdy. 

Paşinýanyň ýany bilen gelen beýleki resmiler, esgeriň dogan-garyndaşlaryny yrmaga synanyşsada ony başaryp bilmediler. 

Ýerli mediada berilen habara görä, ýogalan esgeriň dogan-garyndaşlary Paşinýana gaharlanyp: "Hiç bir resmi jigimiň bedenini tapmak üçin kömek bermedi, gaýtam bize päsgel berdiler" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar