Russiýa 10 Amerikan Diplomatyny Ýurtdan Çykarar

Karar ABŞ-nyň Russiýa sanksiýa goýjakdygyny beýan etmeginden soň kabul edildi

1622974
Russiýa 10 Amerikan Diplomatyny Ýurtdan Çykarar

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň 10 rus diplomatyna ýurtdan çykarmak hakyndaky kararyna jogap hökmünde, 10 Amerikan diplomatyny ýurtdan çykarjakdyklaryny beýan etdi.

Sergeý Lawrow Moskwada saparda bolýan Serbiýanyň Daşary işler ministri Nikola Selakowiç bilen paýtagt Moskwada geçiren metbugat ýygnagynda, ABŞ-nyň Russiýa goýan goşmaça sanksiýalary hakynda beýannama berdi.

ABŞ-nyň 10 rus diplomatyny ýurtdan çykarmak hakynda karar kabul edendigini ýatladan Lawrow, özara deňlik kadasyna laýyklykda ediljek başlangyçlaryň bardygyny nygtap: “Moskwa amerikaly 10 diplomatyň Russiýany terk etmegini teklip eder” diýdi.

ABŞ-nyň Russiýadaky Ilçihanasynda rus we üçünji ýurtlaryň raýatlarynyň işledilmezligi boýunça prosedura girizjekdiklerini hem aýdan Lawrow: “ABŞ, şeýle çemeleşmesini dowam etdiren halatynda ABŞ-dan Russiýada işleýän diplomatlarynyň sanyny 300-e çenli azaltmagyny isleýäris” diýdi.

ABŞ-nyň Russiýadaky käbir gaznalarynyň işleri hakynda-da durup geçen Lawrow: “Russiýanyň içeri işlerine aç-açan goşulyşýan Amerikan jemgyýetçilik guramalarynyň we gaznalarynyň ýurdumyzdaky işlerini çälendireris hem-de bes ederis”diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada bolsa ABŞ-nyň 2-nji martda käbir rus raýatlaryna sanksiýa goýmak hakynda karar kabul edendigi ýatladylyp, 8 Amerikan raýatyna Russiýa gelmegiň gadagan edilendigi habar berildi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi Polşanyň hem 3 rus diplomatyny ýurtdan çykarmak hakynda karar kabul edendigini ýatladyp: “Russiýadan polşaly 5 diplomat çykarylar” diýip, habar berdi.

 



Degişli Habarlar