Ukraina Türkiýe Bilen Syýahatçylyk Pudagynda Edýän Gatnaşyklaryny Ösdürmek Isleýär

Zelenskiý, hepdäniň ahyrynda guran we netijeli geçen Türkiýe sapary hakynda maglumat berdi

1622342
Ukraina Türkiýe Bilen Syýahatçylyk Pudagynda Edýän Gatnaşyklaryny Ösdürmek Isleýär

 

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Türkiýe bilen syýahatçylyk pudagynda edilýän gatnaşyklary ösdürmek isleýändiklerini aýtdy.

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Prezident Zelenskiý, Milli goranyş we howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda eden çykyşynda hepdäniň ahyrynda guran we netijeli geçen Türkiýe sapary hakynda maglumat berdi.

Zelenskiý, Prezident R. T. Erdogana ýurdunyň özygtyýarlygyna we territorial bitewililigine berýän goldawy üçin sagbolsun aýtdy.

Prezident Erdogan bilen ukrainaly we türk syýahatçylar hakynda pikir alyşandyklaryny nygtan Zelenskiý “Ukrainaly we türk syýahatçylarynyň sanyny artdyrmak isleýäris” diýdi.



Degişli Habarlar