Kowid-19 Sanjymynda Üçünji Dozanyň Edilmeli Boljakdygy Aýdylýar

"Pfizer" firması koronawirus sanjymynyň üçünji dozasynyň hem gerek boljakdygyny beýan etdi

1622445
Kowid-19 Sanjymynda Üçünji Dozanyň Edilmeli Boljakdygy Aýdylýar

Amerikan derman firmasy “Pfizer” koronawirus sanjymyny etdiren adamlaryň giç bolanda 12 aýyň dowamynda üçünji doza sanjym etdirmeli bolup biljekdigini mälim etdi.

Firmanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Albert Burla; “Bar bolan çaklamalara görä 6-12 aý aralygynda üçünji dozanyň edilmegi gerek bolar we adamlar her ýyl sanjymlanmaly bolar. Täze wirus görnüşleriniň ýüze çykmagy şol kararyň kabul edilmeginde esasy görkeziji bolar” diýdi.

“Pfizeriň” görkezijileriniň 2 müňden gowrak sanjymlanan adama esaslanýandygy, emma goragyň 6 aý soň dowam edip, etmändigini kesgitlemek üçin has köp maglumatyň gerekdigi beýan edildi.

“Pfizer” we “BioNTech” fewral aýynda wirusyň täze wariantlaryna garşy immunitet reaksiýasyna anyk göz ýetirmek üçin Kowid-19 sanjynyň üçünji dozasyny synagdan geçirýändiklerini beýan edipdi.

“Jonson&Jonson” firmasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Aleks Gorski hem adaty gripp sanjymlary ýaly adamlaryň her ýyl Kowid-19 sanjymyny etdirmeli boljakdygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar