Wladimir Zelenskiý Bilen Ýaponiýanyň Premýer Ministri Suga Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

"Ýaponiýa Ukraina doly goldaw berýär"

1621531
Wladimir Zelenskiý Bilen Ýaponiýanyň Premýer Ministri Suga Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen Ýaponiýanyň Premýer ministri Suga Ýoşihide Russiýanyň Ukraina serhedindäki harby hereketliligi hakynda pikir alyşdy.

Wladimir Zelenskiý Ýaponiýanyň Premýer ministi Suga Ýoşihide bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde, ýurduň serhetlerinde rus esgerleriniň sanynyň artdyrlandygy hakynda maglumat berdi.

Zelenskiý, Suga, Ukrainanyň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine berýän goldawy üçin sagbolsun aýtdy we Ýaponiýa bilen birlikde G-7-ä agza ýurtlaryň ýurduna berýän goldawynyň möhümdigini belledi.

Ýaponiýanyň Premýer ministri Suga hem başdan geçirilýän soňky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtap, Ukraina doly goldaw berýändiklerini ýatlatdy.

Zelenskiý Sugany ýurdunyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärlere gatnaşmaga çagyrdy.



Degişli Habarlar